22.09.2025ý, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli Baş Assambleýanyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşdy. Bu barada http://tdh.gov.tm internet sahypasynda habar berilýär.
Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde parahatçylygy, durnuklylygy we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň bu hukuk ýagdaýy ählumumy howpsuzlyga işjeň goşant bolmak bilen, Watanymyzyň halkara giňişlikde öňe sürýän möhüm başlangyçlarynda öz beýanyny tapýar.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen ýene bir wajyp resminama 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamadyr. Bu başlangyç hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlüp, BMG-niň Baş Assambleýasynda biragyzdan goldanyldy. Bu resminamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli taglymlary ilerletmäge goşýan goşandynyň ykrarnamasy bolup, ýurdumyzyň dünýä ýurtlaryny umumy gymmatlyklaryň daşynda jebisleşdirmäge ukyply bitarap döwlet hökmünde eýeleýän ornuny alamatlandyrýar.
2025-nji ýylda iki sany möhüm sene — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bellenilýär. Bu iki ýubileý senäniň gabat gelmegi Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky taryhy arabaglanyşygy görkezýär. Ýurdumyz Bitaraplyga eýe bolan wagtyndan bäri geçen taryhy döwürde bu halkara hukuk derejesiniň parahatçylyga ýardam bermek üçin netijeli gural bolup durýandygyny subut etdi. Türkmenistan deňhukuklylyk, beýleki döwletleriň özygtyýarlylygyna hormat goýmak, içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerine esaslanýan açyk daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Bu syýasat ýurdumyza dürli döwletler, şol sanda sebitdäki goňşy ýurtlar bilen sazlaşykly gatnaşyklary alyp barmaga mümkinçilik berýär.
“Dialog — parahatçylygyň kepili” başlangyjy Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlykdaky iň möhüm başlangyçlarynyň biri bolup, ol gapma-garşylyklaryň öňüni almak, halklaryň arasynda ynanyşmagy pugtalandyrmak üçin esasy gural hökmünde dialogy ösdürmäge gönükdirilendir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy hökmünde öňe sürlen bu başlangyç dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe boldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bu başlangyjy ösmegini dowam etdirýär we Türkmenistan ony ählumumy derejede ilerletmek üçin Milletler Bileleşigi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.
Ýurdumyz sebitde durnuklylygy üpjün etmek boýunça başlangyçlarda işjeň orny eýeleýär. 2022-nji ýylyň 28-nji iýulynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamanyň kabul edilmegi diňe bir sebit üçin däl, eýsem, halkara gatnaşyklaryň tutuş ulgamy üçin hem möhüm waka boldy. Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen bu resminama Ýewraziýanyň merkezinde uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň we parahatçylygyň ýörelgelerini berkidýän binýatlaýyn syýasy-hukuk resminamasy bolup durýar. Halkara Bitaraplyk gününi, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyllaryny, Merkezi Aziýany parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy diýip yglan etmek baradaky başlangyçlar ýurdumyzyň çuňňur oýlanyşykly we yzygiderli daşary syýasat strategiýasynyň netijeleridir. Türkmenistan diňe bir başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň halkara giňişlikde yk
rar edilmegini we iş ýüzünde durmuşa geçirilmegini gazanmaga taýýardygyny görkezýär. Şeýle yzygiderlilik ýurdumyzyň daşary syýasy ugruna ynamy has-da pugtalandyrýar.