Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-horwat hökümetara toparynyň dördünji mejlisi

2025-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-horwat toparynyň dördünji mejlisi geçirildi. Mejlisiniň dowamynda Türkmenistan bilen Horwatiýa Respublikasynyň arasynda  syýasy, söwda, ykdysady, senagat, energetika, ulag we logistika, oba hojalyk, syýahatçylyk, bilim, medeniýet, telekeçilik we beýleki möhüm pudaklarda iki ýurduň arasynda amala aşyrylan işler, mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygy bellenip geçildi. Häzirki wagtda oňyn netijeleriň bardygyna garamazdan, mümkinçilikleriň uludygy, hem-de ony ösdürmegiň zerurdygy barada aýdyldy. Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Horwatiýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň ählitaraplaýyn ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Horwatiýa Respublikasy bilen tejribe alyşmak, bilelikdäki sanly platformalary döretmek we elektron söwdany ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy, hususan-da kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmek we söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegini giňeltmek üçin aýratyn möhümdigi bellenip geçildi.

Ýurdumyzda awtomobil we demir ýollary döwrebaplaşdyrmak, Hazar deňzinde port infrastrukturasyny ösdürmek we täze energiýa ugurlaryny döretmek üçin uly göwrümli taslamalar durmuşa geçirilýär. Hyzmatdaşlygyň deňiz ulaglary pudagyndaky ähmiýeti aýratyn bellenip geçildi. Awtoulaglary we ýolagçylary daşamak üçin iki sany  RO-PAX görnüşli gämisiniň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu şanly sene mynasybetli Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň aprelinde türkmen tarapynyň çakylygy boýunça Türkmenistana döwlet sapary amala aşyryldy. 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy bilen Horwatiýanyň “Uljanik Brodogradiliste d.d.” gämi gurluşyk kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň has-da berkidenigi bellenilip geçildi. Deňiz ulaglary boýunça hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň mümkinçiliklerini ýokary derejede ulanmaga aýratyn ähmiýet berilýär. “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody halkara hyzmatdaşlygy arkaly kuwwatyny işjeň ýagdaýda giňeldýär. Geçen ýyl koreý kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda halkara standartlaryna doly laýyk gelýän 6100 tonna kuwwatly iki sany gury ýük gämisiniň gurluşygy başlandy. Bu taslama, Türkmenistanyň deňiz ulag pudagyny ösdürmekde we halkara giňişliginde ornuny berkitmekde möhüm ädim boldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň Horwatiýa Respublikasynyň ähli gyzyklanma bildirýän kompaniýalary bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyga taýýardygy mälim edildi.

Mejlisiň dowamynda ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny öz içine alýan özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi häzirkizaman ygtybarly gurallary we usullary ulanmaklygy talap edýär. Bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek, iki ýurduň arasynda işewür toparlaryň birek-birege ynamyny ýokarlandyryp, ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeliligini artdyrjakdygy nygaldy.

Mejlisiň jemleri boýunça Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-horwat toparynyň dördünji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.