2026-njy ýylyň 22-nji iýunynda Azerbaýjan respublikasynyň Baku şäherinde geçirilen türkmen-azerbaýjan ýokary derejeli gepleşikleri tamamlanandan soňra, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň we resmi wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda dabaraly çäre geçirildi. «Zagulba» köşgüniň ýörite otagynda wideoaragatnaşyk arkaly gurnalan bu dabara Azerbaýjan tarapyndan Türkmenistana «Dostluk» nebit tankeriniň sowgat berilmegine bagyşlandy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Dabaranyň barşynda Azerbaýjan Respublikasynyň sanly ösüş we ulag ministri R.Nabiýew täze gämi we onuň tehniki aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berdi. Tanyşlykdan soňra, iki ýurduň Prezidentleri ýörite düwmäni basmak arkaly tankeri resmi ýagdaýda herekete girizdiler we onuň ýüzüşe goýberilişi wideoaragatnaşyk arkaly göni ýerinden görkezildi. Wideoşekil tamamlanandan soňra, Azerbaýjanyň Baştutany tankeriň degişli şahadatnamasyny dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidentine gowşurdy.
Azerbaýjanyň Prezidentiniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, döwrebap «Dostluk» nebit tankeri Bakuwyň gämi gurluşyk zawodynda ýörite gurlupdyr. Bu ägirt gäminiň umumy uzynlygy 141 metre, ini bolsa 16,9 metre deň bolup, ol bir wagtda 7 müň 875 tonna ýük götermäge ukyplydyr. Täze tankeriň gowşurylmagy iki goňşy döwletiň arasyndaky dostlukly we strategik gatnaşyklaryň barha berkänýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.