Türkmenistan halkara derejeli sürüjileri taýýarlamak üçin okuw merkezini açar
TDH-nyň habaryna görä, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş müdiri M.Çakyýew hökümet ýygnagynda ýurtda ýol ulaglary pudagynda ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.