Lebap we Mary welaýatlarynda täze awtotürgenleşik meýdançalary açyldy

Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlarynda “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň buýrmasy esasynda gurlan täze awtotürgenleşik meýdançalarynyň açylyş dabaralary geçirildi. Döwrebap okuw toplumlary sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyp, sürüjileri taýýarlamak derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu barada sişenbe güni neşir edilen "Neýtralnyý Turkmenistan" gazetinde habar berildi.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde işe girizilen awtotürgenleşik meýdançasy iki zolakdan ybarat bolup, onuň birinji zolagy ulag sürmegiň başlangyç başarnyklaryny kämilleşdirmek üçin niýetlenendir. Ikinji zolak bolsa şäher ýol infrastrukturasynyň böleklerini — çatryklar, çyralar, ýol belgileri, tizligi ölçemek üçin radarlar we ýol çyzgylary bilen enjamlaşdyrylan okuw meýdançasy hökmünde döredilendir.

Bu desganyň gurluşygy 2022-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenabadyň “Demirbetonkonstruksiýa” kärhanasy tarapyndan ýurduň içerki serişdelerini ulanylmak arkaly amala aşyryldy. Şahamça täze üç sany “Toyota Corolla” ýeňil awtoulagy, bir sany “Haise” kiçi awtobusy we bir sany “Hanter” ýük awtoulagy bilen üpjün edildi.

Mary welaýatynda “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň awtoulag mekdepler birleşiginiň şahamçasynda gurlan awtotürgenleşik meýdançasy bir wagtyň özünde 300 okuwçyny taýýarlamak üçin niýetlenendir. Olar üçin 10 sany döwrebap okuw synpy we iki sany döwrebap awtotürgenleşik meýdançasy göz öňünde tutulyp, olaryň biri elektron gözegçilik ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Ähli otaglara birikdirilen sanly ulgam bolsa sürüjilik hünärine degişli başarnyklary netijeli özleşdirmäge mümkinçilik berýär.