2025-nji ýylyň 30-njy awgusty – 3-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň Osaka we Tokio şäherlerine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda türkmen dokma önümlerini ýapon bazaryna çykarmak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň söwda we dokma senagatynda işleýän guramalary hem-de öňdebaryjy kompaniýalary bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler.
Tokio şäherinde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy, “ITOCHU” korporasiýasynyň Direktorlaryň geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti we kompaniýanyň maşynlary hem-de enjamlary öndürmek boýunça bölüminiň prezidenti H. Tsubaý bilen duşuşyk geçirildi. Şeýle-de Nazar Agahanow Ýaponiýanyň Daşary söwda guramasynyň (JETRO) prezidenti N. Işiguro bilen hem gepleşikleri geçirdi.
Osaka şäherinde Türkmenistanyň “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisindäki pawilýonynda Ýaponiýanyň “EKSPO-2025” assosiasiýasynyň Baş sekretarynyň orunbasary M. Içinoki bilen duşuşyk boldy. Şeýle-de türkmen wekiliýeti sergidäki Saud Arabystany Patyşalygynyň milli pawilýonynyň komissary, Katar Döwletiniň milli pawilýonynyň direktory hem-de “Masui Co. Ltd” kompaniýasynyň wekilleri bilen hem duşuşdy.
Duşuşyklaryň çäklerinde taraplar ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistandaky mümkinçiliklerini, eksport-import gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerini hem-de türkmen dokma önümlerini ýapon bazaryna çykarmak boýunça başlangyçlary ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary 1992-nji ýylyň 22-nji aprelinde ýola goýuldy. Şondan bäri ýurtlaryň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk dürli pudaklarda, şol sanda energetika, gaz himiýasy, oba hojalygy, infrastruktura we ýokary tehnologiýalar ulgamynda üstünlikli ösdürilýär.