Bakuwda döwlet saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda ikiçäk we giňeldilen düzümde türkmen-azerbaýjan gepleşikleri geçirildi. Onuň netijeleri boýunça dürli ugurlarda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam berjek ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Bu barada “Tükrmenistan” gazeti habar berdi.
«Zagulba» köşgüniň «VIP» ýygnanyşyk otagynda resmi wekiliýetiň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.
Soňra iki tarapyň degişli düzümleriniň arasynda resminamalar alşyldy.
Olaryň hatarynda: