Mary welaýatynyň Sakarçäge etraby ýurdumyzyň iň gowy etraby diýlip kesgitlenildi
2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisi dowam edip we oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň başynda welaýatlarda ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanan etraby we etrap hukukly şäheri kesgitlemek maksady bilen, bäsleşigiň yglan edilendigini belledi. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portalynyň resmi saýty habar berýär.