Türkmen-eýran serhedinde ulag gatnawyny ösdürmek boýunça gepleşikler geçirildi
Türkmen-eýran serhedindäki Artyk gözegçilik-geçiriş ýerinde iki ýurduň arasynda ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen Artyk (Türkmenistan) we Lotfabad (Eýran) serhet geçelgeleriniň ýolbaşçylarynyň üçünji duşuşygy geçirildi – diýip Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň resmi sahypasynda habar berilýär.