2023-nji ýylda Türkmenistanyň çäginden geçen üstaşyr ýükleriň möçberi 17 göterim artdy. Bu barada Türkmenistanyň gümrük gullugynyň saýty habar berýär.
15-19-njy maýda Russiýanyň Tatarystan Respublikasynda geçiriljek "Russiýa - Yslam dünýäsi: KazanForum" atly halkara forumyň çäklerinde guraljak ykdysady gazanylanlaryň sergisinde Türkmenistan özüniň diwarlygyny görkezer.
Niderlandlar Patyşalygynyň Eýndhowen şäherinde ýekşenbe güni Halkara zenanlar güni mynasybetli sergi geçirildi. Onuň dowamynda aýratyn hem Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň türkmen milli egin-eşikleri we şaý-sepleri bilen tanalýan “Mengli Secrets World Fashion” moda öýi bilen hyzmatdaşlykda guran pawiliony sergä gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Aksakgallar geňeşiniň agzasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde sişenbe güni Aşgabatda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 40 %-den gowrak ösüş gazanan Hytaý we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary ýük daşamakda esasy ugurlar hasaplanypdy. Toparlaýyn we umumy daşan konteýnerleriniň sanyny iki esseden gowrak artdyran Türkiýe ozalky ornuny elden bermeýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Asif Ali Zardarä Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Port infrastrukturasyny ösdürmek we birnäçe täze demir ýol köprülerini gurmak ýaly 187 taslamalary üçin serişdeleri bölünip berildi. Hytaý Halk Respublikasynyň Ulag ministrliginiň bellemegine görä, bu Dalýanyň konteýner dolanyşygyny 12% ýokarlandyrar.
Milli ulag kompaniýasynyň (MUK) deňiz portlarynyň üsti bilen Murmansk, Wanino, Tuapse we Nahodka şäherlerinde 3,9 million tonnadan gowrak ýük eksport edildi. MUK portlarynda ýük daşamagyň umumy mukdary 2,8 million tonna boldy.
Azerbaýjanyň Diplomatiýa akademiýasy - ADA uniwersiteti bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň arasynda wideo aragatnaşyk görnüşinde duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň edara binasynda 2024-nji ýylyň 7-nji martynda Ýaponiýanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edýän Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) Gündogar we Merkezi Aziýa hem-de Kawkaz ýurtlary boýunça bölüminiň müdiri Kenji Ogasahara bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Kenji Ogasahara türkmen tarapyna Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmegi üçin gümrük işlerinde hyzmatdaşlygy teklip etdi.
Hindistanyň Ministrler Kabineti “IndiaAI” döwlet başlangyjyny tassyklady. Onuň maksady emeli intellekti ýurduň bähbitleri ugrunda işletmäge itermekden ybaratdyr.
Russiýanyň günortasynyň we Azow sebitiniň ösüşi baradaky ýygnagynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Ykdysady ösüş ministri Maksim Reşetnikow çykyş etdi. Onuň aýtmagyna görä, ýurduň günortasyna derýalaryň üsti bilen ýükleri daşamak üçin 100-e golaý täze ýük gämisi gerek bolýar. Bu barada Kreml portaly habar berýär.
"Türkmenistan" awiakompaniýasy şu ýylyň ýaz aýynda Aşgabat - London Gatwik ugra uçuşyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu gatnaw ozal bar bolan Londonyň Hitrou aeroportuna amala aşyrylýan uçuşlaryň ýerini çalşar. 3-nji aprelden "Boeing 777-200LR" kysymly ýolagçy uçary degişli ugur boýunça uçuşlary hepdede bir gezek amala aşyrar diýip, dünýädäki awiakompaniýalaryň uçuş tertibindäki üýtgeşmeler bilen habarly etmäge ýöriteleşen "AeroRoutes" kompaniýasy habar berýär.
2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Parižde geçiriljek Türkmenistanyň energiýa pudagyna (TEIF 2024) daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin Halkara Foruma ýazylmak dowam edýär. Bu abraýly çäräni guraýjylar, “Türkmen forumy” we Iňlis kompaniýasy GaffneyCline bilen hyzmatdaşlykda “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet edalarydyr.
Türki Döwletler Guramasy we oňa agza döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de hemmetaraplaýyn berkitmek we Türki Döwletler Guramasynyň Ýaşulular Geňeşiniň 15-nji mejlisini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustiniň Azerbaýjana saparynyň çäginde ýurtlaryň arasynda serhet infrastrukturasyny ösdürmek boýunça Hereket meýilnamasynyň tassyklanandygyny Russiýanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşini döretmek hakynda Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedow penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Aşgabatda meýilleşdirilen täze awtomobil köprüsiniň gurluşygy barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň (TSSE) ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda 2024-nji ýylyň 6-njy martynda Türki döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň adatdan daşary Baş assambleýasynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistanda ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli sergini we maslahaty geçirmäge taýýarlyk görülýär. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky Kararyna laýyklykda, meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede guramak maksady bilen degişli işler alnyp barylýar. Bu barada 7-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew döwlet Baştutanyna hasabat berdi.