07 Mar 2024
Gyrgyzystan bilelikde medeni-ynsanperwer taslamalary durmuşa geçirmekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar
Ilçi Nury Gölliýew Gyrgyzystanyň medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministri Altynbek Maksutow bilen duşuşdy. Onda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Bişkek şäherindäki ilçihanasy habar berýär.