Gazagystan Türkmenistan bilen ekologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gyzyklanma bildirýär
Gazagystanyň ekologiýa we tebigy baýlyklar ministri Ýerlan Nysanbaýew BMG-niň ýabany haýwanlaryň göçüp-gonup ýören görnüşlerini gorap saklamak baradaky Konwensiýanyň 14-nji mejlisine (COP 14) gatnaşyjylaryň öňünde eden çykyşynda Respublikanyň Türkmenistan, Özbegistan we Gyrgyzystan bilen ekologiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Bu barada “Kazinform” habarlar agentligi mälim edýär.