Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen demirýol ugurlarynyň ösüşi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen demirýol pudagynda tranzit, import hem-de eksport ýük daşamalaryny ösdürmek, şeýle hem gelýän gämilerden demirýol wagonlaryny ýüklemek we düşürmek boýunça giň mümkinçilikleriň hödürlenýändigi «Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Merkezi Aziýanyň eksportynyň üstaşyr merkezi hökmünde» diýen tema boýunça guralan onlaýn tertibindäki Tegelek stol duşuşygynyň barşynda «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekili tarapyndan habar berildi.