«Türkmendeňizderýaýollary» agentligiň hünärmenleri Fransiýa Respublikasynyň «Bureau Veritas Marine & Offshore sas» klassifikasion jemgyýetiniň şahadatnamasyny aldylar
2024-nji ýylyň 28-nji ýanwary 3-nji fewraly aralygynda Türkmenistanda gämi gatnawyna döwlet gözegçilik administrasiýanyň hünärmenleri Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde Fransiýa Respublikasynyň «Bureau Veritas Marine & Offshore sas» klassifikasion jemgyýeti (BV klassifikasion jemgyýeti) tarapyndan guralan «Ulanyşdaky gämileri barlamak» ugry boýunça okuwa gatnaşdylar. Bu okuw 2020-nji ýylyň 5-nji dekabrynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi bilen BV klassifikasion jemgyýetiniň arasynda baglaşylan «Türkmenistanda bellige alnan gämileri şahadatnamalaşdyrmak boýunça hyzmatlara ygtyýar bermek hakynda Ylalaşygyň» çäklerinde geçirildi.