Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýar
2025-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Samarkant şäherinde Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşdy. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berip, öz ýurdunyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny mälim etdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.