Türkmenistanda “Serhetabat” gümrük nokadynyň durky täzelener
Türkmen-owgan döwlet serhedinde ýerleşýän “Serhetabat” gümrük nokadynyň durkuny täzelemek boýunça gurluşyk işleri başlandy. “Serhetabat” gümrük nokady Türkmenistanyň daşary söwdasynyň haryt dolanşygynda hem-de “Lapis Lazuli” we başgada birnäçe halkara ulag geçelgeleriniň ugry boýunça üstaşyr ýükleriň geçirilmeginde uly ähmiýetli gümrük nokatlarynyň biri bolup durýar.