Türkmenistan bilen Ýaponiýa göni howa gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmak boýunça işleri işjeňleşdirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Bu barada şenbe güni Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan çap edilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaitiniň arasynda geçirilen sammitiň jemleri baradaky Bilelikdäki metbugat beýanatynda habar berilýär.