12 Maý 2025
GIZ: Merkezi Aziýada üstaşyr ulaglar iň gysga wagtda Türkmenistanyň serhedinden geçýär
Türkmenistan Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ygtybarly üstaşyr ulag geçelgesi hökmünde ornuny barha pugtalandyrýar. Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) 2024-nji ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda geçiren barlagy esasynda, Merkezi Aziýa ýurtlarynda harytlaryň üstaşyr geçmegi boýunça wagt, çykdajy we resminamalar seljerildi. Seljermä görä, Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçýän ýükleriň gümrük serhedinden geçiş wagty ortaça 50 minut bolup, bu görkeziji Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň gysga wagtyň biridir. Mysal üçin: Gazagystan – 2 sagat 26 minut, Täjigistan – 1 sagat 50 minut, Gyrgyzystan – 1 sagat 28 minut, Özbegistan – 1 sagat 25 minut.