Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystanda «Karavansaray Turkistan» syýahatçylyk toplumyna baryp gördi
Gazagystan Respublikasyna amala aşyrýan dostlukly saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen bile «Karavansaray Turkistan» syýahatçylyk toplumyna hem baryp gördi. Bu barada TDH habarlar gullygynda habar berildi.