Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Al-Arabiýa” teleýaýlymy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Riz Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň resmi saýty habar berýär.