“Lapis-Lazuli” ulag geçelgesine gatnaşyjy döwletleriň wekilleri Aşgabatda duşuşarlar

26-njy fewralda Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Aşgabatda geçiren duşuşyklarynyň barşynda “Lapis Lazuli” ulag geçelgesini ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy.

Hususan-da, taslama gatnaşyjy 5 döwletiň wekilleriniň gatnaşmagynda ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilýän duşuşygyň gün tertibini ylalaşmak meselelerine hem garaldy. Bu barada Owganystanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

“Lapis-Lazuli” – bu Türkiýäniň, Gruziýanyň, Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky üstaşyr ulag taslamasydyr. Bu ulag geçelgesi baradaky ylalaşyga 2017-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň çäklerinde gol çekildi. Bu ylalaşyk söwda geçelgesini emele getirmek üçin demir ýol, awtomobil, deňiz ýollaryny birleşdirmegi göz öňünde tutýar.

“Lapis-Lazuli” geçelgesi Owganystanyň Hyrat sebitinden Aşgabadyň we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen Hazar deňzi arkaly Baku portuna, ondan aňry Tbilisiden Poti we Batumi portlaryna, Ankaradan hem Stambula uzaýar. Şeýle söwda-ulag taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Owganystan üçin Ýewropa bilen söwda etmegiň iň gysga, arzan we ygtybarly ulag ugruny döredýär.

News
26 Jul 2024
Новые направления сотрудничества по транспорту рассмотрели Туркменистан и ЕС
26 Jul 2024
Афганистан планирует импорт пшеницы через Туркменистан
25 Jul 2024
Торговля, электроэнергия и порт Туркменбаши – в повестке туркмено-кыргызской межправкомисии
25 Jul 2024
Посол Ирана в Туркменистане посетил осоeбую экономическую зону «Серахс»
25 Jul 2024
Intel признала проблему с процессорами Core 13-го и 14-го поколения и выпустит патч для исправления
25 Jul 2024
Президент Туркменистана принял Чрезвычайного и Полномочного Посла Федеративной Республики Германия
25 Jul 2024
Национальный Лидер туркменского народа, Председатель Халк Маслахаты Туркменистана поздравил Президента Республики Узбекистан
24 Jul 2024
Таджикистан запускает пилотный поезд по маршруту «Китай-Европа» через Туркменистан
24 Jul 2024
Гурбангулы Бердымухамедов поздравил Шавката Мирзиёева с днем рождения
24 Jul 2024
Новый грузовой авиамаршрут связал Грузию и Туркменистан через Китай