«Türkmenpoçta» Türkmenistanda dürli göwrümli ýükleri ugradýar we kabul edýär

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistanyň ähli ýerlerine ýükleri ugratmak we kabul etmek mümkinçiligi barada ýatladýar. Müşderiler diňe ýurduň ähli sebitinde we demir ýol menzillerinde ýerleşýän ýük bölümçelerine barmak bilen çäklenmän, eýsem ugratjak ýüküni alyp gitmek üçin çapary öz ýaşaýan salgylaryna hem çagyryp bilerler.

«Türkmenpoçta» öz müşderilerine ýurduň çägindäki ähli demir ýol ugurlary boýunça islendik göwrümdäki we agramdaky ýükleridir ýollamalary eltip bermegiň amatly hem-de ygtybarly usulyny hödürleýär.

Sargydy resmileşdirmek işi mümkin boldugyndan ýönekeý we awtomatlaşdyrylan görnüşdedir. Ýükler ýörite «akylly» terezide ölçelýär, operator bolsa barmaly ýeri görkezýär. Kompýuter her kilogram üçin nyrhy awtomatiki hasaplaýar, ähli maglumatlar bolsa şolbada «Türkmenpoçtanyň» bitewi sanly ulgamyna girýär.

Bu hyzmat şulary üpjün edýär:

  1. ähli iberişleriň ygtybarly hasabaty;
  2. ýüküň howpsuzlygy;
  3. tölegleriň aýdyňlygy;
  4. çalt sargyt etmek.

Türkmenistanyň çägi boýunça ýük wagonlarynyň gündelik işleýändigi netijesinde, ýükler mümkin boldugyndan kabul edijä tiz wagtda eltiler.

Ýükleri hasaba almakda iberiji pasportyny we habarlaşmak üçin telefon belgisini görkezmelidir. Kabul ediji bolsa pasportyny görkezmeli. Ýük bölümleriniň işgärleri kabul edijä diňe ýüküň gelendigi barada habar bermän, goşmaça töleg esasynda görkezilen salga eltip berip hem bilerler.

Has giňişleýin maglumat almak üçin (+993 12) 94 20 34 telefon belgisine, ýa bolmasa-da 075 gysga belgä jaň edip bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

  1. «Türkmenpoçtanyň» «gapydan gapa» çaparçylyk hyzmaty: peýdaly we tapawutly taraplary
News
26 Jul 2024
Новые направления сотрудничества по транспорту рассмотрели Туркменистан и ЕС
26 Jul 2024
Афганистан планирует импорт пшеницы через Туркменистан
25 Jul 2024
Торговля, электроэнергия и порт Туркменбаши – в повестке туркмено-кыргызской межправкомисии
25 Jul 2024
Посол Ирана в Туркменистане посетил осоeбую экономическую зону «Серахс»
25 Jul 2024
Intel признала проблему с процессорами Core 13-го и 14-го поколения и выпустит патч для исправления
25 Jul 2024
Президент Туркменистана принял Чрезвычайного и Полномочного Посла Федеративной Республики Германия
25 Jul 2024
Национальный Лидер туркменского народа, Председатель Халк Маслахаты Туркменистана поздравил Президента Республики Узбекистан
24 Jul 2024
Таджикистан запускает пилотный поезд по маршруту «Китай-Европа» через Туркменистан
24 Jul 2024
Гурбангулы Бердымухамедов поздравил Шавката Мирзиёева с днем рождения
24 Jul 2024
Новый грузовой авиамаршрут связал Грузию и Туркменистан через Китай