Türkmenistan “Hytaý-Ýewraziýa EKSPO” sergisine gatnaşar

Türkmenistan “Hytaý-Ýewraziýa EKSPO” atly halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Bu sergi HHR-iň Urumçy şäherinde geçiriler. 

Halkara sergisi, esasan, üç bölümden, şol sanda maýa goýum hyzmatdaşlygy, milli pawilýonlar hem-de pudaklara ýöriteleşdirilen bölümden ybaratdyr. Bu serginiň çäklerinde söwda we maýa goýum forumlarynyň, tejribe alyşmalaryň, dürli ykdysady we medeni çäreleriň guralmagy göz öňünde tutulýar. 

Wise-premýer B.Atdaýew bu barada 14-nji iýunda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi diýip, TDH-a habar berýär. 

Sergi “Ýüpek ýolunda täze mümkinçilikler / Ýewraziýa üçin täze ýaşaýyş güýji” mowzugy bilen geçiriler. 

Sergide Hytaý - Merkezi Aziýa formatynda ylmy-tehniki, metrologiýa, meteorologiýa, statistika hyzmatdaşlygy, hukuk hyzmatlary boýunça forumlar, hyzmatdaşlyk we elektron söwdasyny ösdürmek boýunça dialog, gurluşyk ministrleriniň duşuşygy, senagatçylaryň maslahaty we beýlekiler geçiriler.