Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 40 %-den gowrak ösüş gazanan Hytaý we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary ýük daşamakda esasy ugurlar hasaplanypdy. Toparlaýyn we umumy daşan konteýnerleriniň sanyny iki esseden gowrak artdyran Türkiýe ozalky ornuny elden bermeýär.
Aýry-aýrylykdaky howa gatnawlaryny hem bellemek gerek — Hytaýdan bir ýylda edilen sargytlaryň sany 2,5 esse artsa, Türkiýeden 2 esse ýokarlandy. Çünki ýükleri mümkin boldugyndan çalt eltmeli ýagdaý ýüze çykanda howa arkaly daşamak saýlanyp alynýar. Eltip bermegiň wagtynyň tapawudy görnetin göze ilýär: Hytaýdan konteýner daşamak ortaça 45 güne uzaýan bolsa, bu iş howa ulagynda — 7-10 günde amala aşyrylýar.
«Biz ýük daşamagyň has amatly, ygtybarly we howpsuz amala aşyrylmagyny gazanmak boýunça hyzmatlarymyzy hemişe kämilleşdirýäris. Mysal üçin, sargytlaryň birinde bir deklarasiýada 5 konteýneriň «utgaşdyrylmagyny» ulandyk — bu standart bolmadyk shema, şol bir wagtyň özünde hem, bir wagtda wagtlaýyn saklaýyş ammarlaryndaky konteýnerleriň ählisinde ýüklemek, düşürmek we ýerleşdirmek boýunça goşmaça guramaçylyk işlerini talap edýär. Şeýle-de azyk we azyk däl önümleri satyjylar we iri önümçilik kompaniýalary bilen yzygiderli işleri ýola goýduk» — diýip, «Деловые Линии» ulag-ekspeditorçylyk kompaniýasy belleýär.
Mundan başga-da, kompaniýalar topary portlaryň Hytaýyň Russiýa Federasiýasyna importynyň esasy giriş çeşmesi bolup galýandygyny aýtdy. Çünki Hytaýdan ýükleriň köpüsi deňiz ugurlary bilen daşalýar — 85%. Şol bir wagtyň özünde Hytaýdan getirilýän harytlaryň takmynan 70 %-i Uzak Gündogaryň (Wladiwostok we Nahodka) portlary arkaly paýlanýar. Ýükleriň 30% töweregi bolaan bölegi Noworossiýsk we Sankt-Peterburg portlaryna gelýär.