Iň uly port operatorlarynyň biri bolan “APM Terminal Poti”, Gruziýanyň hökümeti bilen degişli şertnama baglaşandan soň, azyndan 200 million dollar möçberinde Poti portuny giňeltmek taslamasyna maýa goýumlaryny çeker.
“APM Terminals” halkara kompaniýasy, Daniýaly “A.P. Moller-Maersk” holdingynyň toparyna degişli bolup, 2011-nji ýyldan bäri Poti portuna eýeçilik edýär.
Portuň häzirki ýagdaýyndaky demirgazyk bölegini giňeltmek barada aýdylyp geçilýär. Taslama birnäçe tapgyrda durmuşa geçiriler. Potidäki täze port infrastrukturasy, ýurduň ykdysadyýetiniň we “Orta koridoryň” ösmeginde möhüm orun eýelejek, Gruziýanyň üstaşyr ulag geçelgesiniň üsti bilen halkara söwdasynyň ösmegine goşant goşar.
Maýa goýumynyň bir bölegi häzirki zaman tehnologiýalaryna we enjamlaryna gönükdiriler. Gruziýanyň porty ilkinji gezek elektrik energiýasy bilen işleýän “Ship-to-Shore” konteýner ugurly kranlary bilen enjamlaşdyrylar. Olaryň esasynda, kompaniýa Poti-a girýän gämilere dünýä derejesindäki hyzmaty we öndürijiligi hödürlemäge mümkinçilik berer.
Şol bir wagtyň özünde, taslamanyň durmuşa geçirilmegi Poti deňiz portunyň ýyllyk geçirijilik ukybyny azyndan 400 müň TEU ýokarlandyrar we ýyllyk umumy kuwwaty bir million TEU-dan geçer diýip, "Sputnik Gruziýa" habar berýär.