Ýük otlusy Hytaýyň gündogaryndaky Szýansi welaýatyndaky Nançan halkara guryýer portundan Merkezi Aziýa ugrady. Bu barada China daily habar berýär.
Bu otly gatnawy Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Sinszýan-Uýgur awtonom raýonundaky Horgos iri awtoýol serhet portuny Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäheri bilen baglanyşdyrar.
Bu ugur boýunça otly Sinszýan-Uýgur awtonom raýonundaky Alatau geçidinden geçýän ugra garanyňda ýoly 12 sagat tiz geçer.
Otly bilen daşalýan ýükleriň hatarynda sowadyjylar, kofe enjamlary, santehnika we beýlekiler bar.