Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy iş saparynyň barşynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy tarapyndan alyp barylýan işler hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ilkinji gezek belleniljek Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňledi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramyny ýokary derejede geçirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň we bu ugur boýunça taýýarlanylýan taslamalaryň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini belläp, gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we desgalaryň bellenilen möhletlerde gurlup ulanmaga berilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.
Soňra Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew şäheriň çäklerinde arassaçylygy we abadançylygy üpjün etmek maksady bilen alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri hasabaty diňläp,
Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň we bu ýerde amatly ekologiýa ýagdaýyny saklamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi hem-de baýramçylyk çäreleriniň şatlykly wakalara, ýatda galyjy pursatlara beslenmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini aýdyp, bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Maglumat çeşmesi: turkmenportal.com