Şu gün — 17-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi açylýar. Watanymyzyň ulag-logistika ulgamynyň möhüm wakasyna öwrüljek açylyş dabarasyna häzirki günlerde Aşgabatda dowam edýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylaryň hem ençemesi gatnaşýar.
Şol ýerde bolýan myhmanlar ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň ulag ulgamyny kämilleşdirmekdäki, şol sanda ýük akymynyň möçberini artdyrmakdaky mümkinçiliklerine diýseň ýokary baha berýärler. Olar ýokary tizlikli ýoluň bu böleginde döredilen giň şert-mümkinçilikleriň halkara ülňülerine doly laýyk gelýändigini aýratyn bellediler.
Ýeri gelende bellesek, görkezilen bölegiň gurluşygy ýurdumyzyň paýtagtyny Türkmenabat şäheri bilen birleşdirýän häzirki zaman awtoulag ýoluny döretmek boýunça giň gerimli taslamanyň çäginde amala aşyryldy.
Resmi çeşmelere görä, ýoluň täze bölegi iň ýokary howpsuzlyk we hil standartlaryna laýyk geler. Awtoulag ýolunda kesgitlenen tizlik sagatda 130 km bolar. Bu ýol daşky gorag germewleri, ýerasty we ýolüsti geçelgeler, wideogözegçilik ulgamy hem-de howa stansiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr.
Tejen — Mary böleginiň ulanyşa girizilmegi umumy uzynlygy 600 kilometre barabar bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy boýunça iri infrastruktura taslamasynyň möhüm tapgyryny emele getirer. Ajaýyp taslama ilat üçin döredilýän mümkinçilikleri ýokarlandyrmak, ýük daşamagy çaltlandyrmak we ýurduň sebitlerini «ýakynlaşdyrmagy» üpjün etmek üçin durmuşa geçirilýär.
Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji Aşgabat — Tejen bölegi 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda açylyp, ulanylmaga berildi. Taslamanyň umumy bahasy 2,3 milliard amerikan dollaryna barabardyr.
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşýan myhmanlar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň döwletli başlangyçlary bilen ulag ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda durmuşa geçirilýän beýik işleriň ähmiýeti boýunça asyrlara barabardygyna aýratyn ünsi çekdiler.