Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Watanymyz Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda rowaçlyklaryň röwşen ýoly bilen ynamly öňe barýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ilkinji aýlaryndan başlap, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetildi. Soňky ýyllarda halkara derejesinde öňe sürülýän başlangyçlaryň netijesinde ýurdumyzyň ulag ulgamynda birnäçe ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu bolsa döwletimiziň ykdysadyýetiniň ygtybarly ösýändigine şaýatlyk edýär.
2024-nji ýylyň 23-nji aprelinde “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň tegelek stolyň başynda geçiren söhbetdeşlik çäresi hem Gahryman Prezidentimiziň ýurdumyzyň ulag düzümini, ulag logistikasyny ösdürmek, ulag diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, dost-doganlyk, söwda gatnaşyklaryny ýola goýmak, ulag ustaşyr gelýän, gidýän ýükleriň gerimini giňeltmek boýunça alnyp barylýan ýurt ähmiýetli, halk bähbitli işlere bagyşlandy.
Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiziň deňiz derýa ulgamyny ösdürmekde döredip berýän giň mümkinçiliklerini wasp edip, onuň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.