«Tutaýewskiý hereketlendiriji zawody» («KamAZ» hem girýär) 450 at güýjüne eýe bolan TMZ 8487.10-03 täze dizel hereketlendirijisiniň önümçiligini özleşdirdi. Eýýäm ilkinji on hereketlendiriji öndürilip, Çelýabinskidäki «ДСТ-Урал» kompaniýasyna iberildi. Ol agramy 53 tonna bolan agyr D30 çekiji buldozerlerinde ornaşdyrylar.
«KamAZ» kompaniýasynyň wekilleriniň belleýşi ýaly, täze hereketlendirijiniň üstünde 2022-nji ýyldan bäri işlenip gelinýär. «Güýçli hereketlendiriji we iň amatly agram, kyn iş şertlerinde çekiji buldozeriň iň ýokary öndürijiligini üpjün edýär» — diýlip, «KamAZ» tarapyndan berlen maglumatda bellenýär.