Orta geçelge diýen at bilen tanalyp, Hazaryň üsti bilen uzaýan halkara ulag ýoly adaty tranzit ugurlary üçin gyzykly alternatiwadyr.
Polşanyň Azerbaýjandaky ilçisiniň bu baradaky sözlerini «Trend» habar berdi.
«Belarusyň we Russiýanyň üsti bilen aragatnaşyga täsir edýän halkara çäklendirmeler sebäpli, Orta geçelge beýleki ugurlar üçin gyzykly alternatiwa öwrüldi. Polşanyň bu geçelgäniň ösdürilmegine bolan gyzyklanmasy 2022-nji ýylda Bakuwyň halkara deňiz söwda porty bilen Polşanyň Gdansk portunyň arasyndaky hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekilmegi bilen tassyklandy»—diýip, ilçi belledi.
Onuň sözlerine görä, Azerbaýjan we Polşa portlarynyň iş toparlary mundan beýläkki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin eýýäm duşuşyklaryň birnäçesini geçirdiler.
«Polşa we Azerbaýjan Ýewropa bilen Aziýany birleşdirýän halkara ulag geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýär, şonuň üçin hem, logistika we paýlaýyş merkezleri hökmünde ýurtlarymyzyň barha artýan orny tebigy bolmagynda galýar. Täze döreýän we ösýän ulag geçelgeleriniň çäginde Azerbaýjan bilen ulag we logistika hyzmatdaşlygynyň ösmegini goldaýarys, şeýle hem Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky halkara ulag we logistika merkezi hökmünde ornumyzy pugtalandyrýarys» — diýip, Rafal Poborski sözüniň üstüni ýetirdi.