Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky Ýurt boýunça edarasy gämileri sanitar barlagy geçirmek boýunça okuw geçirdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky Ýurt boýunça edarasy Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin bölümi bilen bilelikde gämileriň sanitar barlagy we gäminiň sanitar barlagy boýunça şahadatnamalaryny bermek babatynda okuwyny gurnady.

Okuwa Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň,

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, Döwlet weterinariýa gullugynyň, Döwlet karantin gullugynyň, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň wekilleri we ýörite hünärmenler gatnaşdy.

Bu okuw, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Merkezi Aziýada saglyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak üçin “Bir saglyk” çarçuwaly meýilnamany durmuşa geçirmek arkaly Türkmenistanyň bu ugurda mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak ugrundaky tagallalarynyň çäginde geçirildi.

Aeroportlar, portlar we ýerüsti ulag merkezleri ýaly giriş nokatlary halkara syýahat we söwda sebäpli ýüze çykyp biljek jemgyýetçilik saglyk hadysalarynyň öňüni almakda, ýüze çykarmakda we olara jogap bermekde möhüm orun eýeleýär.