Türki döwletleriň guramasynyň ýanynda Türki dünýäniň umumy maddy we maddy däl medeni mirasynyň katalogy taýýarlanylýar. Bu barada “Anadolu” agentligine beren interwýusynda Türki medeni mirasy gaznasynyň ýolbaşçysy Aktoty Raimkulowa habar berdi.
Katalogyň taýýarlanmagy üçin konsultatiw geňeş jogapkär bolar. Onuň düzümine Türki döwletleriň guramasyna gatnaşyjy ýurtlaryň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça milli toparlarynyň agzalary, bu guramanyň, TÜRKSOÝ-yň, Türki dilli ýurtlaryň parlament assambleýasynyň we Türki akademiýanyň wekilleri, şeýle hem her ýurtdan 2-3 bilermen girer.
Geňeş gaznanyň işini utgaşdyrmak üçin her 3 ýa-da 6 aýdan çagyrylar.
“Meselem, eger-de Türki akademiýa arheologik gazuw-agtaryş geçirýän bolsa, biz Gazna hökmünde, taryhy ýadygärlikleri dikeltmek işini alyp bararys. Şeýlelikde biz işimiziň netijeliligini ýokarlandyrmaga çalyşýarys” diýip Aktoty Raimkulowa aýtdy.
Şeýle hem ol gaznanyň çäklerinde ilkinji gezek Türki dünýäniň restawratorlar geňeşiniň döredilendigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda Stambulda Türki dünýäniň restawratorlary üçin okuwlar guralar.
Häzirki wagtda Türki dünýäniň medeni mirasyny gorap saklamak boýunça hukuk üpjünçiligi işleri başlandy. Hususan-da, ÝUNESKO-nyň mysalynda “Türki dünýäniň medeni mirasyny gorap saklamak boýunça konwensiýany” kabul etmek meýilleşdirilýär.