2024-nji ýylyň 6-njy awgustynda “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” paýdarlar jemgyýetinde ilkinji gezek Halkara talaplaryna doly laýyk gelýän iki sany täze gury ýük gämileriň gurluşygyna ýokary ruhubentlik bilen girişildi. Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulag ulgamynyň maddy enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirmek maksady bilen, gury ýük gämilerini gurmak hakynda kabul eden Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentligine iki sany gury ýük gämilerini gurmak barada “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody bilen şertnama baglanyşmaga ygtyýar berildi. Şu taryhy Kararyň esasynda “Balkan” zawody Koreýa Respublikasynyň «Koryo shipbuilding industry technology Co., Ltd.» kompaniýasy bilen her biriniň ýük göterijiligi 6100 tonna bolan, 2 sany gury ýük gämilerini taslamalaşdyrmak we bilelikde gurmak babatynda degişli şertnamalar baglaşyldy we häzirki wagtda bu täze gämileriň gurluşygyna guramaçylykly girişildi.
“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody ýurdumyzda gämi gurluşyk pudagy boýunça ilkinji ädim bolup, milli ykdysadyýetimiziň şol sanda, ýurdumyzyň deňiz-derýa ulaglary pudagynyň ösmeginde uly goşant goşýar. Zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 10 müň tonna polady işläp, Halkara ölçeglerine gabat gelýän has kämil awtomatlaşdyrylan enjamlaryň peýdalanmagy bilen ýylda 4-6 sany gämileri gurmaga niýetlenendir. Mundan başga-da, zawodda 2 müň tonna polady işlemek arkaly ortaça 20-30 sany kiçi we orta göwrümli gämileriň abatlaýyş we bejeriş işlerini ýerine ýetirmäge doly mümkinçiligi bar.
Işe girizilen gününden bäri, zawodda dürli maksatly gämileriň onlarçasy ýeňil abatlaýyş işleri geçirilip, sargytlar öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirildi. Bu günki gün bolsa, zawodda ilkinji gezek Halkara talaplaryna doly laýyk gelýän iki sany täze gury ýük gämileriniň gurluşygyna ýokary ruhubelentlik bilen girizildi. Täze gurulýan gämileriň Halkara standartlaryna laýyklykda, Halkara ýüzüşlerini amala aşyrmaklaryny ýola goýmak maksady bilen, Halkara klassifikasion jemgyýeti tarapyndan kabul edilmegi üçin resmileşdiriliş işleri hem alnyp barylýar. Zawodyň işgärleri düzümini taýýarlamak babatynda taslama boýunça, gämi gurluşyga degişli hünärmenler iki aý möhleti bilen ýöriteleşdirilen okuw sapaklaryny we türgünleşikleri geçdiler. Gurulmaly gämilere degişli bolan enjamlaryň we ätiýaçlyk şaýlaryň ilkinji tapgyry Koreýa Respublikasyndan ýurdumyza gelip gowuşdy, hem-de gämi gurluşygyna taýýarlykly girişildi. Bu möhüm taslamany amala aşyrmaklyga gatnaşýan hünärmenleriň iş alyp barýanlaryň 90 göteriminden hem gowragynyň ýerli hünärmenlerden ybaratdygyny aýratyn bellemek bolar. Olar gämi gurluşygy babatynda uly tejribe toplap geljekde dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli gämileri gurmagy doly derejede başararlar. Gurluşygyna girişilen gämiler häzirkizaman enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, olar ýükleriň dürli görnüşlerini Hazar sebitinde daşamakda amatlyklary bilen tapawutlanýarlar.