2024-nji ýylyň 12-nji awgustynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş guramasynyň (USAID) Merkezi Aziýada Söwda Maksatnamasynyň gurnamagynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň hünärmenleri üçin, Halkara deňiz guramasynyň (IMO) Deňizçileri taýýarlamak we olara diplom bermek hem-de wahtada durmak barada Konwensiýasyna laýyklykda hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça türgenleşik okuwy başlandy. Okuwyň dowamlylygy 5 gün. Bu türgenleşik okuwy türkmen deňizçileriniň hünär derejesini ýokarlandyrmakda we sebitde deňizde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm ädim bolup durýar. Hünärmenler öz bilimlerini we başarnyklaryny mundan beýläk hem halkara ülňüleriniň iň soňky talaplaryna laýyklykda ösdürmäge mümkinçilik alarlar. Bu bolsa öz gezeginde, wezipelerini has netijeli ýerine ýetirmäge we Türkmenistanyň deňiz pudagynyň ösmegine goşant goşmaga ýardam eder.
Deňizçileri taýýarlamak we olara diplom bermek hem-de wahtada durmak barada Konwensiýasy (STCW- Standards of Training, Certification and Watchkeeping) – bu dünýäde deňizçileri ýokary derejede taýýarlamak we olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak üçin Halkara Deňiz Guramasy (IMO) tarapyndan işlenip taýýarlanylan Halkara Konwensiýasydyr. Bu Konwensiýanyň maksady deňizde ýüzüşiň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak, deňiz gurşawyny goramak we deňizçileriň abadançylygyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Türkmenistan Deňizçileri taýýarlamak we olara diplom bermek hem-de wahtada durmak barada Halkara Konwensiýasyna (STCW) 2009-njy ýylyň 4-nji maýynda goşuldy. Ýurdmuyzyň bu Halkara Konwensiýa goşulmagy deňizde ýüzüşiň howpsuzlygynyň ýokary standartlaryna ygrarlydygyny dünýä deňiz jemgyýetine işjeň gatnaşýandygyny aýdyň subutnamasydyr.