Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň çäginde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi

2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň çäginde «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri bilen USAID-iň Söwda Merkezi Aziýa işiniň ýerine ýetiriji hyzmatdaşynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Geçirilen duşuşygyň dowamynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklar we geljekki mümkinçlikler ara alnyp maslahatlaşyldy. Kompaniýanyň wekili 2023-nji ýylda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleriniň Barselona iş sapary hem-de şu ýylyň awgust aýynda Agentligiň wekilleri üçin geçirilen Deňizçileri taýýarlamak we olara diplom bermek hem-de wahtada durmak barada Halkara Konwensiýasy (STCW) boýunça okuw maslahaty barada belläp geçdiler. Şeýle-de, Halkara deňiz guramasynyň (IMO) Halkara deňiz gämi gatnawyny ýeňilleşdirmek barada 1965-nji ýylda kabul edilen Konwensiýasyna (FAL Convention) ýurdumyzyň goşulmagy boýunça işlerde ýardam etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.