Şu gün paýtagtymyzda «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahat hem-de onuň çäklerinde Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda gazanylanlaryň sergisi açyldy. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilýän forum Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we beýleki döwletleriň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy-barlag, önümçilik merkezleriniň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekillerini bir ýere jemledi. Bu barada "Türkmenistan Altyn Asyr" resmi internet sahypasynda habar berilýär.
Forumyň çäklerinde myhmanlar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda guralan sergä baryp gördüler. Sergi türkmen oba hojalykçylarynyň üstünliklerini aýdyň şöhlelendirmek bilen, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň mümkinçilikleri, importyň ornuny tutýan, eksport ugurly ýokary hilli önümleriň önümçiligi ulgamynda mümkinçilikleri artdyrmak üçin döredilýän şertler bilen tanyşdyrýar. Onda möhüm ähmiýetli oba hojalyk ekinleriniň genofondy, türkmen seçgiçi alymlarynyň irginsiz zähmetiniň miwesi bolup durýan, ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän bugdaý tohumlarynyň görnüşleriniň nusgalary bilen hem tanşyp bolýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda oba hojalygynyň ylmy esasda toplumlaýyn ösdürilmegine, ýerlerde ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Öňdebaryjy tehnologiýalar, ata-babalarymyzyň baý ekerançylyk tejribesi häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen utgaşdyrylyp, tapgyrlaýyn esasda önümçilige ornaşdyrylýar. Oba hojalykçy alymlaryň we ugurdaş hünärmenleriň, ekerançylaryň tutanýerli zähmeti netijesinde oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygy ýokarlanyp, Garaşsyz döwletimiziň ygtybarly azyk binýady üpjün edilýär.
Oba hojalyk ekinleriniň täze görnüşlerini önümçilige ornaşdyrmak ekerançylygy ösdürmegiň täzeçil strategiýasynyň esasy ugrudyr. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynda «Serdar», «Arkadag», «Pyragy» diýlip atlandyrylan güýzlük bugdaýyň täze görnüşleriniň döredilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Oba hojalyk önümleriniň önümçiliginde täze görnüşli ekinlerden peýdalanmak boýunça amal edilmeli işlere, tohumçylyk pudagyndaky üstünliklere, bugdaýyň täze görnüşlerini döretmek bilen meşgullanjak ýaş ylmy işgärleri taýýarlamak üçin şertleri döretmäge bagyşlanan “tegelek stol” maslahatlary pudagyň işini kämilleşdirmek babatda görülýän çäreleriň hataryndadyr.
Ýakynda paýtagtymyzda GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara geňeşiniň mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Onuň çäklerinde tohumçylyk-seçgiçilik işini mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri boýunça duşuşyklar, özara pikir alyşmalar guraldy.
...Halkara ylmy maslahatyň resmi açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagy okaldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalygyny ylmy esasda toplumlaýyn ösdürmek barada uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän alymlar, hünärmenler tarapyndan ekinleriň ýokary hasylly, welaýatlarymyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän täze sortlary döredilip, önümçilige giňden ornaşdyrylýar diýlip, Gutlagda nygtalýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy ýokary derejede ösdürilýär. Täze belent sepgitlere, buýsançly zähmet ýeňişlerine ýetilýär. Gazanylýan her bir üstünligiň, zähmet ýeňşiniň aňyrsynda, ilkinji nobatda, oba zähmetkeşleriniň ýadawsyz yhlasy, döredijilikli zähmeti bardyr diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär. Şonuň üçin hem döwlet tarapyndan alnyp barylýan işleriň ählisi güneşli Diýarymyzyň zähmetkeş halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Çünki oba zähmetkeşleri ýadawsyz, halal zähmeti bilen sahawatly hem-de bereketli türkmen topragyndan bol hasyl öndürmekde netijeli işleri alyp barýarlar.
Daşary ýurtly gatnaşyjylar çykyşlarynda Türkmenistanda daýhanlaryň öndürijilikli işlemegi üçin ähli zerur şertleriň döredilendigi, oba hojalykçy alymlaryň tohumçylyk pudagynda baý tejribe toplandyklary nygtaldy. Bu işleriň ählisi azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek meselelerine döwlet tarapyndan berilýän aýratyn ünsüň netijesi bolup durýar. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň alyp barýan işleri ekinleriň ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, bol hasyl berýän görnüşlerini döretmek boýunça tohumçylyk we seçgiçilik işini has-da kämilleşdirmäge, oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmäge, önümçiligi döwrüň talaplaryna laýyklykda guramaga itergi berýär.
Daýhanlar, alym-agronomlar topragyň hasyl berijiligini gowulandyrmak, täze ýerleri ylmy esasda özleşdirmek babatda netijeli iş alyp barýarlar. Häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň we milli ekerançylyk tejribesiniň utgaşdyrylmagy taýýar önümiň ýokary hil talaplaryna laýyk gelmegini, ekologik taýdan arassa bolmagyny kepillendirýär. Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda, daşary döwletleriň ugurdaş edaralary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin seçgiçilik işiniň kämilleşdirilmegine, döwrebap tehnologiýalaryň, oba hojalyk ylmynyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşi bilen hyzmatdaşlyk bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň ugurdaş ylmy-barlag institutlary bilen hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn mazmunyny emele getirdi.
Bugdaýyň, ýeralmanyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasyl berýän görnüşlerini döretmek we ösdürip ýetişdirmek, bu ulgamda dünýä tejribesiniň özleşdirilmegi möhüm ugurlaryň hataryndadyr. Şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynda oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygy, onuň ylmy esaslary, innowasion tehnologiýalary babatda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanda seçgiçilik işiniň halkara ülňülere, agrotehnikanyň talaplaryna doly laýyk gelýändigi bellenildi. Ýurdumyz diňe bir azyklyk däl, eýsem, tohumlyk bugdaý ösdürip ýetişdirmekde hem uly üstünlikleri gazanýar.
Türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda Diýarymyzda güýzlük bugdaýyň seçgiçiligini we tohumçylygyny ösdürmegiň möhüm wezipeleri, miweçiligi, üzümçiligi giňeltmekde nahalhanalaryň ähmiýeti, gowaça tohumçylygynda görnüşleriň arassalygyny saklamak ýaly meseleler öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzda tohumçylygyň netijeli usullary, tohumlaryň hilini, hasyllylyk görkezijilerini gowulandyrmak meseleleri aýratyn gyzyklanma döretdi. Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagyny ösdürmek, onuň guramaçylyk düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işler ýerine ýetirilýär. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, pudagyň kanunçylyk binýady kämilleşdirildi. Döwlet Baştutanymyzyň degişli çözgüdine laýyklykda, bugdaýyň we pagtanyň satyn alyş nyrhlary ýokarlandyryldy. Oba zähmetkeşleriniň girdejileriniň artmagy üçin giň mümkinçilikler döredildi. Munuň özi oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirdi.
Oba hojalyk toplumynda durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, azyk howpsuzlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Ekerançylyk we maldarçylyk önümleriniň gaýtadan işlenilýän möçberi, önümçiliginiň gerimi giňeldilýär. Tohumçylygyň galla önümçiligini we azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň möhüm şertidigine üns çekildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeleriň netijesinde bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk ylmynda, ilkinji nobatda, ekerançylyk pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek türkmen hünärmenleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklarynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar.
Ylmy-barlag institutlarynyň we önümçilik merkezleriniň wekilleriniň belleýişleri ýaly, ýurdumyzyň toprak-howa aýratynlyklary ulgamlaýyn işläp taýýarlamalaryň zerurdygyny, tohumçylykda täzeçillikleriň ornaşdyrylmagyny şertlendirýär. Şunlukda, türkmen oba hojalykçylary güýzlük bugdaýyň täze görnüşlerini döretmekde, ýokary hasylly gowaça tohumlarynyň seçgiçiliginde uly üstünlikleri gazandylar.
Halkara ylmy forumyň birinji gününi jemlemek bilen, gatnaşyjylar şu gezekki maslahatyň we serginiň oba hojalyk pudagynda, tohumçylykda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek, daşary ýurtly hünärmenler bilen tejribe alyşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly meýdança bolandygyny nygtadylar.
Ertir halkara maslahat öz işini üç bölümde dowam eder. Olar “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçiriler. Birinji bölüm oba hojalyk ekinleriniň seçgiçiliginde we tohumçylygynda öňdebaryjy tejribelere, ikinji bölüm bolsa gök ekerançylyk, miweçilik, üzümçilik pudaklarynda halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetine bagyşlanar. “Oba hojalyk ekerançylygynda ulanylýan döwrebap tehnikalary we suw tygşytlaýjy enjamlary ornaşdyrmagyň ähmiýeti” atly üçünji bölümde ylmyň gazananlaryny, döwrebap, sanly suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň hasabyna suwy rejeli ulanmagyň meselelerine garalar.