Hazar deňzinde käbir ugurlar boýunça ýük gatnawlaryny artdyrmak boýunça uly potensialynyň bardygyny bellemek bolar. Hazar deňzindäki ýerleşen deňiz portlaryň infrastrukturasyny gowulandyrmak, nyrh syýasatyny kämilleşdirmek, multimodal mehanizmleri ulanmak, bökdençlikleri azaltmak, resmileşdiriş proseduralary ýeňilleşdirmek ýaly wezipeleri durmuşa geçirmek wajyp bolup durýar.
Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunda Logistiki merkezini döretmek, şeýle hem portuň çäginde ýük goryny emele getirmek maksady bilen täze nyrh ulgamy taýýarlandy.
Bellik:
1. Üstaşyr ýükler üçin girip çykýan gämiler nobatsyz kabul edilýär;
2. Üstaşyr ýükler 24 sagadyň dowamynda düşürilýär.
3. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň terminallarynyň duralgalarynyň arasynda gämi ýanama hyzmaty tölegsiz ýerine ýetiriler.
Şeýlelikde Russiýada öndürilýän galla önümlerini Türkmenbaşy portunyň üsti bilen daşamaga mümkinçilikler döreýär. Türkmenbaşy portunyň Ürgün ýükler terminalynda 35 000 m3 möçberde 14 sany dürli däne önümlerini, şol sanda bugdaý, arpa, mekge dänelerini saklamak üçin niýetlenen siloslary ýerleşdirilen. Deňiz portundaky Ürgün terminalynda ornaşdyrylan döwrebap awtomatiki konweýerler ulgamy arkaly sagatda 350 tonna dänäni gämiden göni wagonlara/awtoulaglara/ammara düşürip we ýükläp bolýar.
Hazar deňzinde Eýranyň deňiz portlaryna galla we beýleki ýükleri yzygiderli daşaýan gämi eýeleri üçin, yzyna Russiýanyň portlaryna gaýdanda, Türkmenbaşy portundan ýeňilliklerinden peýdalanyp gaýdyş ýükleri alyp gitmäge mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Özbegistandan ýükleri Türkmenbaşy portundan Russiýa, ýewropa ýurtlara ugratmak üçin gyzyklanmalary kanagatlandyrmak üçin gepleşikler geçirilýär. Türkmenbaşy portunyň Konteýner terminalynda uly möçberdäki ýükleri diňe gämilerden däl-de eýsem awtoulaglardan-wagonlara-konteýnerlere gysga wagtda geçirmäge tehniki-enjamlaýyn mümkinçilikleri bardygyny bellemek bolar. Şeýle hem Türkmenbaşy portunda harytlary gümrük düzgüninde, ýagny 3 ýyla çenli hiç hili gümrük paçlary tölemezden erkin zolagda ýerleşdirmek mümkinçilikler döredilen.
Eýranyň deňiz portlaryň arasynda hem deňiz gatnawlaryny artdyrmaga potensialy bardygyny göz öňünde tutup, eksport edijiler we ekspeditorlar üçin ýeňillikler göz öňünde tutuldy. Häzirki wagtda Türkmenistana import we üstaşyr ugurlar boýunça Eýrandan ýylda ortaça 85 müň sany Türkiýe, Eýran we beýleki döwletlerine degişli ýük awtoulaglary geçýär. Munuň bilen bir hatarda Türkmenbaşy we Eýranyň portlarynyň arasynda fider gatnawlaryny ýola goýmak meýilleşdirilýär.