Beýik akyldara tagzym

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň parasatly başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taryhy tutumlary arkaly adamzat medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen edebi gymmatlygy miras galdyran akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde uly ösüşlere beslenýär.

Beýik akyldaryň “Magtymguly” atly täze kitabynyň çap edilmegi hem-de gözel paýtagtymyzyň günorta böleginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de “Magtymguly Pyragy” medeni seýilgäh toplumynyň açylmagy ýurdumyzyň medeni durmuşynda şanly waka boldy. Bu şanly waka Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanda we halkara derejede geçirilýän dabaralaryň özboluşly dowamy hökmünde älem-jahana ýaýyldy.

Elbet-de, özüniň eserleri bilen edebi mirasymyzy we dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna gymmatly goşant goşan türkmen halkynyň beýik danasynyň öňünde tagzym etmek, onuň sarpasyny belent tutmak barada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan asylly ýörelgeleri dünýä nusgalykdyr.

Şahyryň agzybirlik, garaşsyzlyk, erkinlik,watançylyk, durmuşy, söýgi, öwüt-nesihat temalarynda ýazan goşgulary asyrlar boýunça öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. Şahyryň goşgulary diňe türkmen halkynyň däl eýsem, dünýä halkalaryň kalbynda meşhurlyk gazanyp, beýik bahalara mynasyp bolan şahyrdyr. “Jemşidiň jamyna” deňelen Magtymgulynyň ähli temada ýazan goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti gaty uludyr. Şahyr özüniň ötgür sözi, ýiti galamy hem-de goşgularynyň üsti bilen adamlary terbiýelemäge çagyrypdyr. Durmuşda ýagşy-ýamany, dost-duşmany saýgarmak, däp-dessurlarymyzy berjaý etmek, edep-terbiýe baradaky ajaýyp pikirleri öňe sürüpdir. Şahyryň “Alan ýagşydyr” diýen goşgusynda:

Adam ogly bu dünýäden ötinçäň,

At bilen abyraý alan ýagşydyr,

Gulatynyň saýasynda ýatynçaň,

Bürgüt penjesinde galan ýagşydyr.

Magtymguly diýer sözüm dag aşmaz,

Namart adam ýoldaşyna garaşmaz,

Yashana ýerinde gülmek ýaraşmaz,

Toýuň meýlisinde gülen ýagşydyr.

Ine, şahyryň ajaýyp öwüt-nesihatlary , gymmatly pikirleri täze türkmen jemgyýeti, şu günki we geljekki nesillerimiz üçin ruhy ýörelgedir. Şeýle ýörelgeleri ile ýaýmakda, beýik şahsyýetlermiziň sarpasyny belent tutýan hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag ömri uzak bolsun!

Şu pursatdan peýdalanyp beýik şahryň hormatyna onuň 300 ýyllyk toýuna bagyşlap düzen goşgym bilen jemläsim gelýär.

Magtymguly Pyragy

Her ädimde, her gadamda,

Baýdak edip şygyryny,

Kalbymyzda zybanmyzda,

Aýdym edip şygyryny,

Beýik Pyragyly halkym,

Dowamata-dowam bu gün,

Bagtyýar türkmen halkymyz,

Ak ýollara rowan bu gün.

Uçarlarda, gämilerde,

Deňiz-derýa ýollarynda,

Ýaňlanyp dur goşgulary,

Halkyň şirin dillerinde,

Ýüwrüp barýan otlularda,

Ulaglarda- her bir ýerde,

Adyň arşa galanynyň,

Ykraryna güwäň bu gün.

300 ýyllyk toýuň toýlap,

Barýas gelejege sary.

Bu işlerde Gahrymanlar,

Toýa besledi Diýary.

Gelýä toýuňa dünýäniň,

Çar künjinden bize sary,

Beýik Pyragyly döwür,

Ajap eýýam, zaman bu gün,

Dillerimizde şygyrlaryň,

Dowamata dowam bu gün.

Ellermizde kitabyň seň,

Zybanyňda okanyň seň.

Şygryňdan serpaý ýapyndy,

Dogup-dörän mekanyň seň.

Sežde edýäs heýkeliňe,

Köpetdaga ýalkym beren.

Diýýäs mydam “Dana şahyr

Baky ýaşa halkyň bilen!”.

Gurbanbagt Hajymämmedowa “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Işgärler we ýörite işler bölümiň ýörite işler boýunça baş hünärmeni