Halkara derejesindäki maslahat

Türkmenistan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, parahatçylyk söýjülikli syýasaty alyp barýar. Dünýäniň ýurtlary bilen ähli ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşant goşýar. Ýörite ýurdumyzyň Birleşen Milletler guramasy bilen bilelikde guraýan halkara derejesinde geçirilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklar, çäreler, halkara derejesindäki maslahatlar muňa şaýatlyk edýär.

2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisiniň dowamynda “BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriniň üçünji Maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Kararnama laýyklykda, bu maslahaty 2025-nji ýylyň 5-8-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek Baş Assambleýa tarapyndan kesgitlenildi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriniň üçünji Maslahatyny geçirmek hakynda Karara gol çekdi. Nesip bolsa, bu halkara maslahatyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň hem-de “Ýaşlar” forumynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Foruma onuň dowamynda geçiriljek ugurdaş çärelere deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň düzümine girýän 32 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, 47 sany kiçi ada döwletleriniň, 49 sany az ösen ýurtlaryň ýokary derejeli wekilýetleriniň, BMG-niň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň, birnäçe halkara, sebit guramalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Mundan başga-da Merkezi Aziýa döwletleriniň medeni çäreleriniň geçirilmegi boýunça degişli işler alnyp barylýar. Halkara maslahatyň Türkmenistanda guralýandygy bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň her bir ýurdunyň Awazada öz milli gününi geçirip, özbaşdak medeniýetini, sungatyny, milli tagamlaryny görkezmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle halkara maslahatlaryň geçirilmegi halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, agzybirligi, parahatçylygy has-da berkitmäge giň ýol açýar. Şonuň üçin “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek bu halkara derejesindäki maslahat “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň esasy wakalarynyň biri bolar.

Orazbagt Ataýewa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 1-nji ýyl talyby