Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyzyň ulag ulgamyny ösdürmekde alyp barýan bedew batly ösüşleri dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň ulag we kommunikasiýalar ugry boýunça halkara ähmiýetli möhüm çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ulag ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, üstaşyr ulag geçelgeleriniň durnukly ulgamynyň pugtalandyrylmagyna, dünýäde syýasy ykdysady durnuklygy saklamaga, halkara gatnaşyklary ynanyşmaga, şol sanda ulag diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek ugrunda dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýär. Döwletli, döwranly ilimizde bagtyýar halkymyz ösen, ýokary derejeli ulag ulgamynyň ähli görnüşleriniň hyzmatlaryndan peýdalanýarlar. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň halkara abraýynyň belende galýandygynyň beýany bolup dabaralanýar.
Şu ýylyň 16-njy maýynda BMG-niň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistan tarapyndan hödürlenen Kararnamanyň kabul edilmegi, her ýylyň 26-njy noýabryny “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýip yglan edilmegi, 2023-nji ýylyň 2-nji iýunda Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna “EsoPorts”, “Ýaşyl port” güwanamasynyň berilmegi, hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň 31-nji awgustynda iki sany gury ýük gämilerini gurmak baradaky Karara gol çekmegi, 2024-nji ýylda Hazar deňzine Russiýa Federasiýasynyda gurulan ilkinji syýahatçylyk “Beýik Pýotr” gämisiniň gelýändigi baradaky hoş habarlar ulag kommunikasiýalar ulgamynyň işgärleriniň göwün guşuny ganatlandyrdy.
Türkmenmistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň düzümine girýän “ Türkmendeňizderýaýollary” agentligi milli ykdysadyýetiň esaslaryny emele getirýän wajyp pudaklaryň hataryna degişlidir.
Türkmenistanyň ulag üpjünçilik ulgamlarynda iri merkezleriň biri hem “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bolup durýar. Hazar deňziň kenarynda gurulan bu deňiz portyna “Merkezi Aziýanyň Deňiz derwezesi” diýip atlandyrylmagy hem ýöne ýerden däldir. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Halkara Portlar Assosiasiýasyna goşulmagy bilen, edilýän hyzmatlary halkara standartlaryna laýyklykda amala aşyrmak, dünýäniň ösen portlarynyň tejribesini öwrenmek we ulanmak boýunça alnyp barylýan işler dowam edip gelýär. Häzirki wagta çenli Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny mahabatlandyrmak işleri amala aşyrylýar. Bu maksat bilen halkara maslahatlara, halkara sergilere, iki taraply gepleşiklere, göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklara işjeň gatnaşýarlar.
Hazaryň türkmen kenarynda ýerleşýän, ýurdumyzda çalt depginde ösýän pudaklaryň ýene biri «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody » paýdarlar jemgiýetidir. Bu pudakda deňiz portunyň we söwda flotynyň dürli görnüşli deňizde ýüzýän gämileriň birnäçesi gysga wagtyň içinde düýpli, orta, we ýeňil abatlaýyş işleri ýokary derejede alnyp barylýar.
“Türkmendeňizderýaýollary ” agentligi tarapyndan gurdurylmagy göz öňüne tutulan gämileriň gurluşygyny amala aşyrmak «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» paýdarlar jemgyýeti hem Koreýa Respublikasynyň «Komea» deňiz enjamlaryny öwreniş assosiýasiýasy bilen gämi gurluşygyny taslamalaşdyrmak, ornaşdyrylan enjamlary, materiallary üpjün etmek, ylymyň öňdebaryjy tilsimlerini girizmek, gämi gurluşygynda ugurdaş senagat önümçiligini ornaşdyrmak ýaly, hyzmatlar ýerine ýetirmekde yzygiderli gepleşikler, duşuşyklar geçirildi. Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň netijeleri boýunça iki döwletiň arasynda gämi gurluşyk ugry boýunça üstünikli netijeler gazanyldy.
Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» paýdarlar jemgyýeti «Komea» deňiz enjamlaryny öwreniş assosiýasiýasy bilen bilelikde gämi gurluşygynyň başlamagyna ygtyýar bermegi zawodyň gämi gurluşykçylaryny has-da begendirdi, buýsandyrdy.
2023-nji ýylyň 11-14-nji sentýabr aralygynda «Komea» deňiz enjamlaryny öwreniş assosiýasiýasynyň «Korýo Shuipbuilding Industry Tehnology Go., Ltd” kompaniýasy bilen «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» paýdarlar jemgyýetinde iş saparynda boldular.
Koreýa Respubilkasy gämi gurluşyk senagatynda dünýäde ilkinjileriň hataryna girip, olaryň gurluşyk tehnologiýalary wagt taýdan tiz, hil taýdan bolsa ýokary derejede bolup durýandygyny nazara almak bilen, «Balkan» zawodynyň gämi gurluşyk işlerinde Koreýanyň tehnologiki proseslerini ornaşdyrylmagynda şeýle hem diňe bir Hazar sebitinde däl-de, eýsem, dünýäde bäsdeşlige ukyply bolmagynda yzygiderli işler geçirilýär.
2023-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda «Koryo Shuipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasy bilen «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda «Ýük göterijiligi 6100 tonna bolan iki sany gury ýük gämileriniň gurluşygyny taslamalaşdyrmak we tehniki hünärmenleri bilen üpjün etmek barada» we «Ýük göterijiligi 6100 tonna bolan iki sany gury ýük gämileriniň gurluşygy üçin enjamlar we materiallar bilen üpjün etmek barada» iki sany şertnama gol çekmek dabarasy geçirildi.Nesip bolsa ýene sanlyja günden «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» paýdarlar jemgyýetinde ilkinji gezek täze gämileri gurulyp başlanar.
“Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hem gurlup ulanmaga berilen täze gämileri, şol sanda tankerleri, paromlary we ýolagçy gämileri bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetini ýokarlandyrmak babatynda mynasyp goşandyny goşýar. Söwda flotynyň gämileri mawy tolkunlaryň arasynda birnäçe ýüzüşleri amala aşyryp, dünýä giň ýol açmagy deňiz derýa ulgamynyň bedew batly ösüşlerini has-da rowaçlyklara besleýär. Häzirki wagtda flotda 20 sany gämi bolup, 3 sany “Balkan”, ”Magtymguly” we “Türkmenistan” gury ýük daşaýan gämileri ýurdumyzda önderilýän önümleri daşary ýurt portlaryna daşamakda yzygiderli hyzmatlary ýerine ýetirýärler. Gury ýükler esasan hem Türkmenbaşy porty bilen Baku, Astrahan, Aktau portlaryň arasynda daşalýar. Şeýle-de “Balkan “ gury ýük gämisi bilen |Türkmenbaşy-Baku-Türkmenbaşy aralygynda konteýner fider gatnawlary amala aşyrylýar.
Dünýä ýüzüne seýrana edýän deňizçiler Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk toýuna zähmet üstünikleri, toý sowgatlary bilen barmak üçin özleriniň mynsyp goşantlaryny goşmak ugrunda zähmet çekýärler.
Goý, hormatly Prezidentimiziň ulag ulgamynda alyp barýan halkara ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň, bagtyýar halkymyzyň toýlary toýa ulaşsyn!
Gurbanbagt Hajymämmedowa
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň
Işgärler we ýörite işler bölüminiň
baş hünärmeni