Ýüzlerçe ýyl mundn ozal Magtymguly Pyragy özüniň şygyrlarynda halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, Watanymyzyň azatlygyny we bagtyýarlygyny, özbaşdak garaşsyz döwlet bolmagy barada arzuw edip geçipdir.
Mälim bolşy ýaly, Magtymgulynyň ýaşan döwri türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwrüne gabat gelipdir. Şahyr il-halkynyň asuda erkin,parahat durmuşda ýaşamagyny küýsäpdir.Şonuň üçin Magtymguly nyň şygyrlarynyň aglabasynda agzybirlik, garaşsyzlyk, özbaşdak döwlet gurmak baradaky arzuw-hyýallary giň orun tutupdyr.
Şahyryň asyrlar boýy arzuwlan garaşsyz döwlet gurmak baradaky arzuw-hyýallary bu günki günde hakykata öwrüldi. Bagtyýar halkymyz 32 ýyl bäri Garaşsyzlygyň saýasynda erkinligiň, agzybirligiň hözürini görüp, ýaşaýar.
Howa, şahyryň arzuwlary hasyl boldy. Halkymyz şahyryň şol arzuwlan zamanasyna ýetdi. Garaşsyzlyga eýe bolan Türkmenistan döwletimiz sanlyja wagtyň içinde uly ösüşlere beslendi, beýik sepgitlere ýetdi. Baky Bitaraplygyny gazandy. Şu ösüşleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, onuň dowamatyny dowam edýän Arkadagly Serdarymyzyň türkmen halkynyň Garaşsyzlygynyň berk binadyny galdyrmakda ägirt uly işleri durmuşa geçirdi. Bu işler Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň ajaýyp eýýam hakdaky garaýyşlaryny, özbaşdak berkarar döwlet gurmak, adalatlylyk, bagtyýar durmuş, agzybirlik, asudalyk baradaky asyrlar boýy eden arzuwlarynyň özboluşly beýany bolup ýaňlandy.
Şahyryň ynsan mertebesi, watansöýüjililik, parahatçylyk, hoşniýetlilik ýaly gymmatly pikirleri täze türkmen jemgyýeti, şu günki we geljekki nesillerimiz üçin ruhy ýörelgedir. Ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň, bitewliligiň, agzybirligiň aýdymy bolup ýaňlanýan Magtymguly Pyragynyň şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşydyr.
Dana paýhasly, şahyr, filosof we akyldar Magtymguly Pyragy ylymy edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň özünden öňki gazananlaryny akyl eleginden geçirip dürdäne eserleri döretdi. Şahyryň şygyrlary diňe bir Gundogar edebiýatynda däl eýsem, tutuş dünýä edebiýatynda-da görnükli orun eýeleýär. Şahyryň şygyrlary bu gün dünýä dilleriniň köpüsinde ýaňlanýar.
Bilşimiz ýaly, geljek ýyl ýurdumyzda beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny mynasyp derejede bellemek ugrunda giň gerimli işler ýaýbaňlanýar. Şahyryň sarpasyny belent tutýan hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyz bu çäräni ýokary derejede belläp geçmegk barada beren tabşyryklary türkmen halkynyň beýik şahyryna goýýan uly sarpanyň subutnamasydyr.
Akyldar şahyryň şygyrlary ähli zamanlaryň, ähli döwürleriň nesilleri üçin kämilligiň, Watana il-güne çäksiz söýginiň nyşany bolup hemişelik hyzmat eder.
Gurbanbagt Hajymämmedowa
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň
Işgärler we ýörite işler bölüminiň
baş hünärmeni