Türkmenistanyň Prezidenti Kanadanyň General-gubernatoryny ýurduň milli baýramy bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kanadanyň General-gubernatory hanym Meri Saýmona we ýurduň ähli halkyna Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýurduň milli baýramy — Kanadanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.