Ozal habar berşimiz ýaly, 19-njy aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Şu ýylyň 17-20-nji apreli aralygynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşyrowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Tbiliside iş saparynda bolýar.
Baş direktoryň orunbasary jenap Çian Mingiň ýolbaşçylygyndaky «Hytaý demir ýollary» döwlet korporasiýasynyň wekiliýeti Türkmenbaşy halkara deňiz portuna iş saparyny amala aşyrdylar. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.
«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistanyň ähli ýerlerine ýükleri ugratmak we kabul etmek mümkinçiligi barada ýatladýar. Müşderiler diňe ýurduň ähli sebitinde we demir ýol menzillerinde ýerleşýän ýük bölümçelerine barmak bilen çäklenmän, eýsem ugratjak ýüküni alyp gitmek üçin çapary öz ýaşaýan salgylaryna hem çagyryp bilerler.
“Hazar sebitiniň ulag logistikasy 2024” atly III halkara forumy indiki hepde Astrahanda geçirilip, oňa Türkmenistanyň kompaniýalary, şol sanda deňiz söwda floty paýdarlar jemgyýeti hem gatnaşar.
Baş direktoryň orunbasary jenap Çian Mingiň ýolbaşçylygyndaky "Hytaý demir ýollary" döwlet korporasiýasynyň wekiliýeti Türkmenbaşy halkara deňiz portuna iş saparyny amala aşyrdylar.
Türkmenistan bilen Hytaý Halk respublikasynyň arasynda söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäginde, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody bilen Hytaýyň öňdebaryjy «Weichai» iženerçilik korporasiýasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.
16-njy aprelde BMG-niň baş edarasynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygy geçirildi.
Şu gün — 17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäklerinde dünýä ölçeglerine laýyklykda gurlan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary – Tejen bölegine bäş sany halkara güwanama gowşuryldy.
Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok ýurduň Aşgabatdaky ilçihanasy tarapyndan sişenbe güni Türkiýäniň syýahatçylyk hepdeligi mynasybetli guralan tanyşdyryş çärede ýakynda Ankara-Aşgabat ugry boýunça uçuşlary başlamak üçin degişli işleriň alnyp barylýandygyny mälim etdi.
Şu gün, 17-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasy geçirildi.
Şu gün — 17-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi açylýar. Watanymyzyň ulag-logistika ulgamynyň möhüm wakasyna öwrüljek açylyş dabarasyna häzirki günlerde Aşgabatda dowam edýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylaryň hem ençemesi gatnaşýar.
Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
Müşderilere aragatnaşyk hyzmatlaryndan has amatly peýdalanmaklary üçin «Türkmentelekom» EAK-nyň «Şahsy otag» milli onlaýn-programma üpjünçiligi we mobil goşundysy ýola goýuldy.
Paýtagtymyzda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi öz işine başlady. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilýän wekilçilikli foruma DÝHG-ä agza döwletleriň 20-den gowragynyň, şol sanda Türkmenistanyň demir ýol we beýleki degişli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşýarlar.
15-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Şu gün, 15-nji aprelde paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi öz işine başlady.
2024-nji ýylyň aprel aýynyň 10-na «Deňiz söwda floty» paýdarlar jemgyýetine degişli bolan «Bagtyýar» Ro-Pax kysymly paromy şu ýyl Türkmenbaşy portundan Olýa portuna ilkinji saparyny üstünlikli amala aşyrdy. Paroma azyk önümleri bilen doldurylan tirkegli 40 sany ýük awtoulagy ýüklenen.
Ýewropa Bileleşiginde saparda bolanlarynda türkmen wekiliýeti diňe bir ÝB işgärleri bilen däl, eýsem işewür wekilleri bilen, esasanam, «XP Upgreen»-iň baş direktory Bart Woteriks bilen birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi.