Официальный веб-сайт
“EХPO-2025” Bütindünýä sergisi

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz parahatçylygyň, dost-doganlygyň, durnukly ösüşiň ýurdy hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Türkmenistan döwleti dünýäniň ähli döwletleri bilen bilelikde geçirilýän halkara derejesindäki çärelere işjeň gatnaşýar. Golaýda dabaraly ýagdaýda açylan “EХPO-2025” Bütindünýä sergisi- türkmen-ýapon halkynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklarynyň has-da pugtalanýandygynyň şaýady boldy.

2025-nji ýylyň 13-apelinden 13-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän “EХPO-2025” Bütindünýä sergisi dünýä yaň saldy. Sebäbi bu sergide Türkmenistanyň hem-de birnäçe döwletleriň öz diwarlyklary bilen eden çykyşlary oňa gatnaşanlarda we millionlarça adamlarda ýakymly tasir galdyrdy.

2025-nji ýylyň 14-apelinde Türkmenistanyň Milli gününi belleýän ilkinji ýurtlaryň biri bolmagy hem ýatdan çykmajak taryhy seneleriň birine öwrüldi.

Türkmenistanyň Bütindünýä sergisindäki diwarlygynyň taslamasy “Belli Greative” dizaýn studiýasy tarapyndan amala aşyrylypdyr. Ol 3 gatdan ybarat bolup, onuň arhitekturasy uly many-mazmuna eýe boldy. Diwarlykda türkmen halkynyň däp-dessurlary, milli gymmatlyklary, el işleri, nagyşlary, tebigy, taryhy medeni baýlyklary, ýurduň ähli pudaklaryndaky gazananlary şöhlelendirilipdir.

Ýene-de guwandyryjy waka diwarlyklaryň arasynda iň halanan, oňat teswirler berilen 1-nji orna Türkmenistan Watanymyzyň adynyň tutulmagy biziň talyp kalbymyzy has-da joşdurýar. Sebäbi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby bolup, Türkmenistan Watanymyzyň halkara derejesindäki gazanýan at-abraýy bizi okamaga, döretmäge, eziz Watanymyzyň halkara derejesinde gazananlaryny wasp etmäge has-da ruhlandyrýar.

Goý, hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyny dünýä tanatmakda, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin jany sag, ömri uzak bolsun , ýurt ähmiýetli, halk bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 1-nji ýyl talyby Ataýewa Orazbagt