Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyz bedew bady bilen ösýär, özgerýär. “Pähim -paýhas ummany, Magtymguly Pyragy” ýylynda akyldar şahyrymyzyň 300 ýyllyk toýy uly dabara bilen bellenilýär. Magtymguly Pyragy türkmen nusgawy edebiýatynda özüniň ajaýyp eserleri bilen yz galdyran beýik şahsyýetdir. Onuň şygyrlary baý ene dilimizi beýgeldip, milli edebiýatymyzy täze belentlige çykarýar, türkmen jemgyýetiniň aýrylmaz sütünine öwrülen möhüm, syýasy durmuşy, ruhy we ynsanperwer pelsepewi garaýyşlary öňe sürýär. Ady bütin dünýä meşhur bolan şahyrymyzyň eserleri - düýpsiz umman, elýetmez hazynadyr. Ol adamzadyň akyl-parasat genji-hazynasyna ägirt goşant goşan beýik akyldardyr.
Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsi aňyrsyna göz ýetmeýän asman we düýbüne aralaşyp bolmaýan umman ýalydyr. ÝUNESKO-nyň ýerine ýetiriji geňeşiniň 2023-nji ýylyň maý aýynda geçirilen mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň bu guramanyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi söz ussadynyň dünýäde belent sarpasynyň has-da ýokarydygyna şaýatlyk edýär. Şeýle hem türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO we bilelikde bellenip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy-da buýsanjyňy goşalandyrýar.Şu ýerde türki medeniýetiniň halkara guramasynyň hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde 2024-nji ýylyň “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly ” diýip yglan edilmegi dana şahyra bolan beýik hormatyň nyşanydyr. Bularyň hemmesi Magtymguly Pyragynyň belent sarpasynyň şan –şöhratynyň has-da belentdigini görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz-tagallalary bilen akyldar şahyryň paýtagtymyzyň iň gözel künjegi bolan keremli daglaryň gursagynda bina edilen heýkeli bolsa adamzat bakylygynyň belentligi bolup, alnymyzda howalanyp dur. Magtymguly Pyragynyň arzuw eden zamanasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şahyryň sarpasynyň belent tutulmagy, dürdäne setirleriniň çuňňur öwrenilmegi, eserleriň dünýä döwletlerinde wagyz edilmegi elbetde, her birimizi buýsandyrýar. Akyldar şahyrymyzyň şygyrlary bahasyna ýetip bolmajak terbiýe mekdebidir. Bu gün bolsa akyldaryň şygyrýet dünýäsine aralaşyp, ynsan kalbyny durky bilen eýeleýän, heýjana salýan goşularyny okaýarys, diňleýäris, pähim-paýhasa ýugrulan bentlerden, öwüt-ündewlerden teşnelik bilen ganýarys. Men hem şu pursatdan peýdalanyp, talyp kalbymdan joşa gelen sözlerimi “Pyragy” atly goşgym bilen jemläsim gelýär.
Beýiksiň sen,beýgeldýänsiň dünýäni,
Çuň manyly öwütleň bar Pyragy!
Göreldedir her setiriň, her sözüň,
Ömrümiziň mekdebi sen Pyragy !
“Ata kesbi ogla halal” ýörelge,
Uýup gezdiň çuň manyly pendine.
Boldy halypaňyz Size görelde,
Azadynyň şägirdi sen Pyragy!
Dür söz bilen dünýä özün aldyran,
Goşgularyn bize miras galdyran,
Keremli daglarda heýkeli gurlan,
Beýik sarpaň eýesi sen Pyragy!
Bu gün dünýä mälim adyň-abraýyň,
Asyrlar geçse-de ýatlaýar halkyň.
Talyp ýüregimden ýetirip waspyň,
Ýüreklerde bakysyň sen Pyragy!
Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge ähli mümkimçilikleri döredip beýär Arkadaly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, hemişe tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Gynar Çerkezowa Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň 1 ýyl talyby