Официальный веб-сайт
Статьи
16 дек 2020
Ýurdumyzyň deňiz ulgamy ösüşlere beslenýär

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiz ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde we durmuşyň beýleki ugurlarynda uly üstünlikleri gazanýar. Häzirki wagtda milli Liderimiziň ýurdumyzy ösdürmekde alyp barýan syýasatyny, tabşyryklaryny üstünlikli durmuşa geçirmek her bir pudagyň, şol sanda Türkmenistanyň ulag pudagynyň hem wajyp wezipeleriniň biridir. 2018-nji ýylyň 9-njy iýunynda “Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esaslary hakynda” Türkmenistanyň  kanunynyň kabul edilmegi  hem ulag babatynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Ulag ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işler adam hakyndaky aladanyň, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň Türkmenistanyň Prezidentiniň amala aşyrýan durmuş ugurly syýasatynyň möhüm ugrudygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Häzir bu ugurlar döwlet Baştutanynyň logistika straregiýasynda örän aýdyň ýüze çykýar. Ýurdumyzda demir ýol, awtomobil, howa we deňiz ulaglaryny peýdalanmak bilen amatly we howpsyz halkara geçelgeler döredilýär. Munuň özi sebitde durnukly ösüşi, halklaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň giňelmegini, hyzmatdaşlygyň berkemegini, söwda dolanşygynyň mukdarynyň artmagyny üpjün edýär.