Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň 2024-nji ýyly ”Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýip atlandyrmagy beýik şahyrymyza goýulýan hormatyň, sarpanyň beýany bolup, külli türkmen halkynyň kalbyna nur çaýdy. Gahryman Prezidentimiziň alyp barýan parasatly işleriniň netijesinde, geçmişde yz galdyran belli şahsyýetlerimiziň hatyrasy has-da belent tutulýar.
Türkmen halkynyň baý edebiýaty, baý mirasy bar. Türkmen edebiýatymyzy Göroglysyz, Magtymguly Pyragysyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Sebäbi bu iki beýik sütün biri-biri bilen örän baglanşykly bolup durýar. Beýik şahyryň şygyrlarynda milli medeniýetimiz, milli döwlet gurmak, milli bitewililik gazanmak dogrusyndaky pikirler eriş-argyş bolup geçipdir. Şahyr :
Türkmenler baglasa bir ýere bili,
Gurudar Gulzumy derýaýy-Nili,
Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili,
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz.
diýen setirlerinde şahyryň bir bitewi döwlete gulluk etmek hakdaky arzuwlarynyň bu günki günde Garaşsyzlygymyzyň, Bitaraplygymyzyň gazananlary netijesinde bäş welaýatymyzyň bir döwlete öwrülip, hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşmegi, pederlerimiziň asyrlar boýy eden arzuwlaryna ganat berdi. Sebäbi şahyryň ýaşan döwründe milli bitewi döwlet gurmak mümkin bolmadyk bolsa-da, Magtymguly ony berkarar etmegiň arzuwy bilen ýaşapdyr. Şahyryň şol arzuwlan zamanasy hasyl boldy. Halkymyzyň bitewi millet hökmünde halkara abraýy juda belende göterildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, onuň dowamatyny dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistany ösýän ,özgerýän batly gadamlar bilen öňe barýan ýurt hökmünde tanatdy. Halkymyzyň agzybirligi, Gahryman Arkadagymyzyň töweregine mäkäm jebisleşmegi görlüp-eşidilmedik derejä galdy. Şahyr eserlerinde milli bitewililige çagyrmak, milli bitewililigi ündemek barada yzygiderli wagyz edipdir. Şahyr goşgularynyň üsti arkaly durmuş gahrymanlaryny ýüze çykarypdyr. Şahyryň mertlik, watançylyk, ar-namyslylyk, pähim-paýhaslylyk, ýoldaşa wepalylyk, ygrarlylyk, myhmasöýerlilik, jomartlyk ýaly, türkmeniň ajaýyp milli häsiýetlerini açyp görkezýän goşgulary ýaşlarymyzy terbiýelemekde ýol ýörelge bolup durýar.
Şunuň ýaly, ajaýyp şahsyýetlerimizi ýatlap, olaryň sarpasyny belent tutýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Gahryman Arkadaly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy - külli türkmen halkynyň buýsanjydyr! Şahyryň ajaýyp goşgulary ýolumyza ýagty salýan çyragdyr!
Men beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuna sowgat edip, öz düzen goşgym bilen wasp edesim gelýär.
Magtymguly Pyragy.
Bagtyýar halkymyň köňülleriniň nagşy sen,
Çeper sözüň manysyn saza salan bagşy sen,
Türkmeniň depesine gonan bagt guşy sen,
Tarypyňa söz ýetmez Magtymguly Pyragy.
Şygyrlaryň buldurap akýan dury çeşme sen,
Şygyrýet äleminde çeper söze teşne sen,
Her bir sözüň manysyn salypdyrsyň keşbe sen,
Ylhamyňa söz ýetmez Magtymguly Pyragy.
Alymlaryň baha beren “Jemşidiň jamy” sen,
Külli türkmen halkymyzyň buýsanjy, şany sen,
Gudrat bilen berilen, söz sungatyň piri sen,
Adyň arşda hemişe Magtymguly Pyragy.
Kalyplaryň owazyn dünýä ýaýan ussat sen,
Şygyrlaryň giň älem, her sözüň çuň umman sen,
Külli türkmen halkyna gökden inen Perman sen,
Baş egýär älem saňa Magtymguly Pyragy.
Gurbanbagt Hajymämmedowa
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Işgärler we ýörite işler bölüminiň baş hünärmeni