Официальный веб-сайт
Talyp kalbym joşa gelende

2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy   ýyly diýilip yglan edilmegi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň ýokary derejede bellenip geçilmegi milli medeniýetimize, ene dilimize, nusgawy edebiýatymyza, beýik şahyrymyza bolan   buýsanç duýgulary biz ýaşlary nurana geljege ruhlandyrýar.

 “Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pahim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr” diýip hormatly Prezidentimiz Magtymgula ýokary baha berýär.

Şygyrýet äleminiň ägirdi Magtymguly Pyragynyň döredijiligine halkymyz uly sarpa goýýar. Şahyryň goşgulary geçmiş mirasy öwrenmekde gymmatly hazyna bolup durýar. Onuň goşgulary türkmen diliniň, edebiýatynyň baýlyklaryny özünde jemlemek bilen  her bir goşgulary kämil şahsyýetleri kemala getirmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Şeýle ajaýyp parahat, asuda Watanmyzyň goýnunda beýik şahyryň hormatyna toýlanjak toýlarda joşmazlyk mümkin däl.Men hem öz talyp kalbymdan joşup çykan goşgy setirlerim bilen jemläsim gelýär.

Arkadagly Serdarymyz!

Eziz Watan,

Siziň bilen beýikdir.

Juwan göwnüm,

Salamatdyr, seýikdir.

Bu gün Diýar

        Toý donuny geýipdir,

dumly-duşdan,

Beýik Lider adyna ,                      

Joşup,joşup

Alkyş bary ýagyp dur.

Arkadagly Serdarymyz!

Bu gün ilim ,

                        Toý toýlaýar Pyraga,

                                       Ýylyň ady,

                        Dana pähmiňiz bilen            

Öwrüldi baş şygara.

Dumly –duşdan,

Hormat goýup,

Dost gelip dur Diýara.

Talyp kalbym joşup bu gün,

bu goşgymy -

Bagyşlaýan Pyraga.

Tuwakmyrat Galpakow

Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň gämi sürüji hünäriniň 1ýyl talyby