Jennetiň mukaddes reňkinden reňkini, Aýdan nur, ýyldyzlardan şöhle, zeýtun ýapragyndan rahatlyk, haly göllerinden öz gözelligini alan ýaşyl Tugum! Saňa tagzym etmek, öňüňde baş egmek, maňlaýyňa sylmak mukaddeslige sygynmakdan nyşandyr.
Ata Watanymyzyň özygtyýarlygynyň, bitaraplygynyň, mizemez berkararlygynyň nyşany bolup, belentde pasyrdaýan halkymyzyň ganaty, buýsanjy, göz guwanjy ýaşyl Tugum! Seni näçe taryp etsem-de, waspyňa hiç haçan soňlanmajak sözler ýatyr. Sende halkymyzyň ar-namysyna deňelýän mukaddeslik we halkyň geçmiş taryhy ýatyr. Merdana gerçeklerimiziň gahrymançylygy, Watana, il-güne bolan çäksiz söýgi ýatyr. On barmagy hünärli gelin-gyzlarymyzyň mährinden, gözelliginden gönezlik alnyp dokalan nepis halylaryň gölleri, inçeden- inçe senedimiz, sungatymyz ýatyr.
Gadymy taryhymyzyň gatyna ser salanymyzda, türkmenleriň döreden tuglary özüniň reňkleri we milliligi, ajaýyp şekilleri bilen tapawutlanypdyrlar. Geçmişde ýaşyl Tugy iň batyr türkmen ýigitlerimiz göteripdirler. Gadymy pederlerimiz bolan oguzlar Tugumyzyň astynda özleriniň beýik ýörüşlerini amala aşyrypdyrlar, ýeňişler gazanyp, ençeme döwletler döredip, türkmen adyny dünýä ýaýypdyrlar.
Keşbiň ýazlar ýaly owadan Tugum! Seniň döwletli ojaklarymyzyň, belent ymaratlarymyzyň, beýik-beýik binalarymyzyň, tylla gupba mysaly köşüklerimiziň, çür depesinde pasyrdamagyň bizi has-da buýsandyrýar. Seniň al-asmanda pasyrdaýan jadylaýjy gudratyňda goşa didelerimiz eglenende buýsançdan, begençden kalbymyz heýjana gelýär. Dünýä döwletleriň pasyrdaýan tuglaryň içinde seniň aýratyn bir ýüregimize ýakyn gelip pasyrdaşyň, ýazlara meňzeş owadan keşbiň her bir türkmen raýatyny özüne bendi edýär. Elbet-de, ýaşyl Tugumyzyň depämizde göterilmegi, al-asmanda pasyrdamagy mukaddesligiň, beýikligiň, parahatçylygyň nyşanydyr.
Haçan-da Türkmenistanyň Döwlet Senasy ýaňlananda ýuwaş-ýuwaşdan al-asmana pasyrdap galyp barýan ýaşyl Tugymyza syn edenimizde ýüreklerimizde atygsap duran täsin gudratyň, tasin güýjuň alamaty bolup, içki duýgularymyza has-da joşgun berýär. Watan goragçylary, her bir esger watançylyk Kasamyny kabul edende, seni maňlaýa sylýar, seniň mukaddesligiň öňünde baş egýär, saňa tagzym edýär.
Belent bagtymyzyň jarçysy, her bir bir türkmen raýatynyň baş buýsanjy ýaşyl Tugum! Sen kalbymyzyň çuňňlugynda orun alyp, hemişe beýik buýsanç, ýyly mähir paýlaýaň. Muny türkmen türgenlerimiziň alys ýurtlarda ýeňiş gazanyp, ata Watanymyzyň ýaşyl Tuguny buýsanç bilen depesinde pasyrdatmagy, ençe deňiz -derýalardan, köllerden, şäherlerden menzil aşyp, ýaşyl Tugumyzyň gämilerimizde parlamagy gör, nähili uly bagt. Şeýle bagtly pursatlary görenimizde beýik buýsançdan ýaňa ýene bir gezek beýgelýäris. Biziň bu bagtly, buýsançly günlerimiz ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyzlygynyň, hemişelik Bitaraplygynyň halkymyza beren ajaýyp miwesidir.
Yaşyl Tugum! Sen hakdaky düşünjeler, sen hakdaky mukaddeslikler gadymy pederlerimizden nesilden-nesle geçip gelýän hiç haçan soňlanmajak söýginiň alamatydyr. Heniz kiçijik çagalaryň hem Ýaşyl Tuguň pasyrdap duran keşbini ak kagyzda janlandyrmagy damarymyzda, ýüregimizde urýan çäksiz söýginiň nesilden –nesle dowam edip gelýän dowamatydyr.
Parahat, asuda, agzybir Watanymyzyň depesinde erkana pasyrdaýan, dünýäde iň owadan deňi-taýsyz Ýaşyl Tugum! Goý, hemişe seniň parlak keşbiň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Watanymyzda parahatçylygyň, asudalygyň, erkinligiň saýasynda belentden –belent parlasyn!
Gurbanbagt Hajymämmedowa “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Işgärler we ýörite işler bölüminiň baş hünärmeni tel 865-54-60-55